Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Aşgabatda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn, sebit we halkara gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Eýranyň “IRNA” habarlar agentligi habar berýär.
Duşuşykda taraplar Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alşyp, syýasy we ykdysady ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iki halkyň arasyndaky taryhy gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin esas bolup durýandygyny nygtady. Şeýle hem ol söwda, syýasy we medeni ulgamlarda Eýran bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri oňyn bahalandyryp, Eýran tarapynyň dürli halkara meýdançalarynda Türkmenistana berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi duşenbe güni diplomatik, ykdysady we parlament wekilleri bilen bilelikde bir günlük sapar bilen Aşgabada geldi.

















