Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa we energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergä we maslahata gatnaşmak üçin ýurda sapar bilen gelen Ýaponiýanyň “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory we wekilçilik müdiri Eiji Hosoýini kabul etdi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky uzak möhletleýin strategik gatnaşyklaryň, hususan-da, nebitgaz we himiýa pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Gyýanlyda polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berlendigini, şeýle hem kompaniýa bilen bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda täze taslamalary amala aşyrmakda öňdebaryjy tejribäniň, ýokary tehnologiýalaryň, halkara hil ölçegleriniň we ekologiýa talaplarynyň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady. Şeýle hem "Toyo Engineering Corporation" kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belledi.
Eiji Hosoi Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Ýaponiýada aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, kompaniýanyň Türkmenistanda iş alyp barmagy üçin döredilýän şertlere hoşallyk bildirdi. Ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

















