Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin Türkiýä bardy. Bu barada Antalýa welaýatynyň häkimliginiň X sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär.
Antalýa howa menzilinde Türkmen halkynyň Milli Liderini welaýatyň häkimi Hulusi Şahin we Türkiýäniň Mejlisiniň deputaty Mewlut Çawuşogly garşylady.
Maslahat 9–20-nji noýabr aralygynda Antalýa şäherinde geçirilip, çäräniň esasy wakalarynyň biri hökmünde 11–12-nji noýabrda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda dünýä liderleriniň sammiti guralar.
Türkiýäniň Daşky gurşaw, şähergurluşyk we howanyň üýtgemegi ministrliginiň maglumatyna görä, liderler derejesindäki sammite 95 ýurtdan we 7 halkara guramasyndan jemi 102 ýolbaşçynyň, şol sanda 37 döwlet Baştutanynyň we 35 hökümet Baştutanynyň gatnaşjakdygy tassyklanyldy.












