Özbegistan we Türkmenistan Daşkent-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlaryny guramagy maslahatlaşdy

BT
Özbegistan we Türkmenistan Daşkent-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawlaryny guramagy maslahatlaşdy
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň uçary. (Surat: wikimedia.org)

Özbegistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Alimjan Abdullaýew çarşenbe güni Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda Daşkent–Aşgabat–Daşkent ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmak, şeýle hem serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylary üçin üç güne çenli möhlet bilen wizasyz hereket etmegi gaýtadan dikeltmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ýük daşamalaryny ýeňilleşdirmek we döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine hem garaldy.

Taraplar 2004-nji ýyldaky baglaşylan ylalaşygyň serhetýaka sebitleriň ýaşaýjylarynyň üç güne çenli möhlet bilen wizasyz hereket etmegine degişli düzgünleriniň hereketini gaýtadan dikeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Konsullyk ulgamynda taraplar raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, şeýle hem degişli edaralaryň arasynda maglumat alyş-çalşygyny kämilleşdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesinde taraplar ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri degişli edaralar bilen bilelikde öwrenmek we amaly hyzmatdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022