Türkmenistanyň “Parlak Nesil” hojalyk jemgyýeti bilen Özbegistanyň “NexaGrid” kompaniýasy emeli aň (AI) we kriptowalýuta maýningi üçin niýetlenen maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezlerini döretmek boýunça hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler. Bu barada “Parlak Nesil” hojalyk jemgyýetiniň wekili habar berdi.
Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde 16-njy noýabrda türkmen we özbek kompaniýalarynyň arasynda sanly tehnologiýalar we IT infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Memoranduma gol çekildi. Gol çekilen ylalaşyga laýyklykda Özbegistanyň çäginde emeli aň we kriptowalýuta maýningi üçin niýetlenen maglumat merkezlerini döretmek hem-de ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen kompaniýasy programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, sanly çözgütleri döretmek we tehnologik ulgamlary ornaşdyrmak boýunça iş alyp barmagy meýilleşdirýär. Özbegistanyň "NexaGrid" kompaniýasy bolsa taslamalar üçin zerur meýdançalary we infrastrukturany üpjün etmek, şeýle hem maglumat merkezlerini işe girizmek işlerine gatnaşar.
Bu hyzmatdaşlyk türkmen IT kompaniýasynyň halkara taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltmek bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda sanly tehnologiýalar ulgamyndaky işewürlik gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem goşant goşar.

















