Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) anna güni geçirilen söwdalarda Türkiýeli telekeçiler Türkmenistanyň "Marykarbamid" zawodynda öndürilen umumy bahasy 19 million ABŞ dollaryna deň bolan "B" kysymly karbamidi satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Şeýle hem içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserninde öndürilen TPP D 30 S kysymly polipropileni hem-de birinji hilli arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.
TDHÇMB-nyň anna güni geçiren birža söwdalarynyň dowamynda umumy bahasy 13 million 760 müň manada we 19 million ABŞ dollaryna deň bolan jemi bäş geleşik baglaşyldy.
1994-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy ýurtda eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.














