“Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desga gurlar

BT
“Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desga gurlar
“Balkanabat” ýod zawody (Surat: BT)

Türkmenistanda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desga gurlar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Balkanabat” ýod zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmak, himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek maksady bilen, ösen tehnologiýalar esasynda täze kärhanalar gurulýar, hereket edýän önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylýar. Bu ugurda “Balkanabat” ýod zawodynda hem degişli işler alnyp barylýar. 

Şunuň bilen baglylykda wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda himiýa senagatyny ösdürmek we ýerli çig mal serişdelerinden rejeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belläp, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desgany gurmak baradaky teklibi goldady. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutany wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022