Türkmenistan we Ermenistan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Teswirnama gol çekdiler

BT
Türkmenistan we Ermenistan ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Teswirnama gol çekdiler
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň 11-nji mejlisi, 2026-njy ýylyň 25-nji noýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: «Watan» habarlar gepleşigi).

Türkmenistan bilen Ermenistan çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň 11-nji mejlisiniň netijeleri boýunça teswirnama gol çekdiler. Resminamada ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça geljekki ädimler kesgitlenýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ermenistanyň wekiliýetine ýurduň çäk dolandyryş we infrastruktura ministri Dawid Hudatýan ýolbaşçylyk etdi. Mejlise Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, maliýe, ulag, ylym-bilim we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hem pikir alyşdylar.

Ulag ulgamynda Transhazar ulag geçelgesiniň işjeňligini artdyrmaga aýratyn üns berildi. Energetika ulgamynda uglewodorod serişdeleriniň we elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy. Şeýle hem emeli aňy ulanmagyň we sebitara arabaglanyşygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar iki ýurduň ylmy institutlarynyň, merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek, ylmy-tehniki gazananlary we innowasiýalary alyşmak meselelerine garadylar. Taraplar özara Medeniýet günlerini geçirmek tejribesini dowam etdirmegiň, şeýle hem taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmek we gorap saklamak boýunça hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.

2022