Türkmen ilçisi Kanadanyň general-gubernatoryna ynanç hatyny gowşurdy

BT
Türkmen ilçisi Kanadanyň general-gubernatoryna ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Kanadadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Kanadanyň general-gubernatory Luiza Arbura ynanç hatyny gowşurýar, 2026-njy ýylyň 24-nji noýabry, Ottawa, Kanada (Surat: Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew 2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Ottawada Kanadanyň general-gubernatory Luiza Arbura ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Kanadanyň general-gubernatorynyň resmi kabulhanasy bolan Rideau Hall-da geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy habar berýär.

Dabaradan soňra geçirilen duşykda ilçi Esen Aýdogdyýew Kanadanyň general-gubernatoryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Luiza Arbor hoşniýetli arzuwlar üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, öz salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Kanadanyň general-gubernatory Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde 2028-nji ýyly “Halkara hukugynyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyna hem ýokary baha berdi.

Ottawa saparynyň dowamynda türkmen ilçisi Esen Aýdogdyýew Kanadanyň “Global Affairs Canada” daşary işler edarasynyň Gündogar Ýewropa we Ýewraziýa işleri býurosynyň baş direktory Gallit Dobner bilen hem duşuşdy. Duşuşykda syýasy dialogy ösdürmek, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar, şeýle hem 2027-nji ýylda Türkmenistanyň we Kanadanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygyny bilelikde bellemek mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2026-njy ýylyň 30-njy awgustynda gol çeken Permany bilen Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hem bellenildi.

2022