Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçisi Mekan Işangulyýew çarşenbe güni Ankarada Türkiýäniň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa meseleleri boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Muhammet Selami Ýazyjy bilen duşuşyp, migrasiýa ulgamynyň gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşykda iki ýurduň degişli edaralarynyň arasynda yzygiderli işjeň gatnaşyklary saklamagyň möhümdigi aýdylyp, däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýetini hem nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.














