Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň wekiliýetiniň Fransiýa iş saparynyň çäklerinde, biržanyň ýolbaşçysy Batyr Wolsahatow penşenbe güni "MEDEF International" guramasynda geçirilen umumy işewürlik duşuşygyndan soň fransuz kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda türkmen önümleriniň Fransiýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna iberilýän möçberlerini giňeltmegiň, türkmen öndürijileri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de uzak möhletleýin daşary söwda şertnamalaryny baglaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklarda Türkmenistanyň himiýa we nebithimiýa senagatynyň önümlerine, şol sanda nebit önümlerine, mineral dökünlere, tehniki kükürde fransuz kompaniýalarynyň gyzyklanmasy aýratyn bellenildi. Şeýle hem taraplar ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara söwdanyň mehanizmlerini kämilleşdirmek, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we maliýe serişdelerini çekmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Fransuz kompaniýalarynyň wekilleri Türkmenistanyň önümçilik we eksport mümkinçiliklerini mundan beýläk-de öwrenmäge, şeýle hem türkmen kärhanalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynyň ýardam bermeginde işewürlik gatnaşyklaryny dowam etdirmäge we hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

















