Maryda plastik örtügi we suw turbalary öndüriler

BT
Maryda plastik örtügi we suw turbalary öndüriler
“Eşretli kenar” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda döredildi.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Eşretli kenar” hususy kärhanasy polietilen paket we polipropilen turba öndüjek döwrebap önümçilik desgasyny açdy. Desga “Älemabat” hojalyk jemgyyýeti tarapyndan bina edildi.

Baýramaly şäherinde açylan bu täze desga her ýyl polietilen örtüginiň 1800 tonnasyny hem-de ýokary hilli polipropilen suw geçiriji turbalaryň 257 tonnasyny çykarmaga niýetlenendir. Kärhana üçin zerur bolan çig mal Gyýanlydaky polimer zawodyndan hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getiriler.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk 10 milliondan tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenýär. Toplumda nebit önümleriniň onlarça görnüşleri, şol sanda ýokary oktanly awtomobil benzinleri, uçar we tehniki kerosini, gidro usul arkaly arassalanan dizel ýangyç, nebit koksy, polipropilen, tehniki çalgy ýaglarynyň dürli görnüşleri, suwuklandyrylan gaz, ýol hem-de gurluşyk bitumy öndürilýär.

Gyýanlydaky şäherçesindäki polimer zawody ýyllyk 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenen gazhimiýa toplumydyr. 2018-nji ýylda açylan we bahasy 3 mlrd 400 mln amerikan dollaryna barabar bolan bu taslama “Türkmengaz” DK tarapyndan koreýleriň “LG International Corporation”, “Hyundai Engineering Co., Ltd”  we ýaponlaryň “TOYO Engineering Corporation” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy.

2022