Baku gaz geçelgesine ÝB-niň has köp agzasynyň goşulmagyna garaşýar

BT
Baku gaz geçelgesine ÝB-niň has köp agzasynyň goşulmagyna garaşýar
“Günorta gaz geçelgesiniň” birinji tapgyry 2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Baku şäherinde, TANAP bolsa 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde ulanyşa girizildi.

Jemleýji tapgyra ýeten “Günorta gaz geçelgesi” taslamasyna iru-giç Ýewropanyň has köp ýurdy goşulyp biler diýip, Azerbaýjanyň energiýa ministri Parwiz Şahbazow aýtdy.

“Ýedi ýurduň we ençeme kompaniýalaryň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän “Günorta gaz geçelgesi” taslamasy jemleýji tapgyra girdi. Dünýäniň energiýa kartasyny üýtgetmek nukdaýnazaryndan seredilende, bu strategiki taslamadyr” diýip, Şahbazow 55-nji Mýunhen howpsuzlyk konferensiýasynda aýtdy.

“Geljekde bu taslama Ýewropanyň has köp ýurduny öz içine alyp biler. Bu bolsa, “Günorta gaz geçelgesiniň” Ýewropanyň energiýa howpsuzlygy boýunça barha ýokarlanýan ähmiýetini görkezýär” diýip, Şahbazow belläp geçdi.

Umumy uzynlygy 3,500 kilometre we bahasy 40 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan “Günorta gaz geçelgesi” üç sany gazgeçiriji taslamasyny öz içine alýar: Azerbaýjany we Gruziýany kesip geçýän Günorta Kawkaz turbalary, Türkiýäniň çäginden geçýän TANAP üstaşyr Anatoliýa gaz geçirijisi we Gresiýa bilen Albaniýanyň üstünden geçip Italiýa barýan Transadriatik gaz geçirijisi (TAP).

“Günorta gaz geçelgesiniň” birinji tapgyry 2018-nji ýylyň 29-njy maýynda Baku şäherinde, TANAP bolsa 2018-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkiýäniň Eskişehir şäherinde ulanyşa girizildi.

Azerbaýjanyň “Şahdeňiz II” gaz ýatagyÝB ýurtlaryna goşmaça tebigy gaz akdyrmagy maksat edinýän “Günorta gaz geçelgesiniň” başlangyç çeşmesi hasaplanyp, bu geçelgä geljekde Transhazar gazgeçiriji taslamasynyň üsti bilen Türkmenistany hem birikdirmek göz öňünde tutulýar.  

“Şahdeňiz II” gaz ýatagyndan ýyllyk 16 milliard kubmetr tebigy gaz alynmagyna garaşylýar. Onuň 10 milliard kubmetri Ýewropa, 6 milliard kubmetri bolsa Türkiýe üçin niýetlenendir. Türkiýäniň günbatar sebitlerine tebigy gaz 2018-nji ýylyň tomus aýlarynda iberilip başlandy. Azerbaýjanyň ýyllyk 10 milliard kubmetre barabar bolan gazynyň Ýewropa 2020-nji ýylyň başlarynda akdyrylyp başlanmagyna garaşylýar.

“Günorta gaz geçelgesiniň” gündogara tarap uzajak bölegi hasaplanýan 300 kilometrlik Transhazar gazgeçiriji taslamasynyň göwrümi azyndan 30 ýyllap her ýyl 30 milliard kubmetrlik türkmen gazyna barabar bolup, ol Hazar deňziniň türkmen kenaryndan başlap, Azerbaýjanyň kenarynda tamamlanmaly.

Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen ätiýaçlyklary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022