Özbegistan Aziýa demir ýol geçelgesine goşulýar

BT
Özbegistan Aziýa demir ýol geçelgesine goşulýar
Taraplar konteýner daşamaga özbek tarapynyň hem gatnaşmagyny makulladylar, şeýle-de tarif tölegleriniň möçberleri boýunça ylalaşdylar.

Özbegistan halkara Hytaý – Türkmenistan – Gazagystan – Eýran demir ýol geçelgesine goşuldy diýip, Gazagystanyň demir ýol kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

“Kazahstan Temir Žoly” komaniýasynyň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Eýranyň we Özbegistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda penşenbe güni Almaty şäherinde geçirilen duşuşykda Daşkendiň bu transport taslamasyna goşulmagy barada maslahat edildi. Taraplar bu ugur boýunça konteýner daşamaga özbek tarapynyň hem gatnaşmagyny makulladylar, şeýle-de tarif tölegleriniň möçberleri boýunça ylalaşdylar.

Hytaý – Türkmenistan – Gazagystan – Eýran demir ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolup, ol Demirgazyk-Günorta halkara transport geçelgesiniň bir bölegidir. Bu taslama Hytaýyň gündogaryndan Pars aýlagyndaky bazarlara çenli gysga möhletde ýük daşamak üçin niýetlenen ilkinji logistika çözgüdidir. Bu ugur aralygy görnetin gysgaldyp, ýüküň gowşurylyş wagtyny, 25-30 günlük deňiz üsti bilen deňeşdireniňde, iki hepdä çenli azaldýar. Bu taslama Özbegistanyň hem birikmegi aralygy has hem gysgaldyp, sebitdäki haryt dolanyşygyny mundan beýläk hem ýokarlandyrar diýlip garaşylýar.

“Kazahstan Temir Žoly” komaniýasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, 2018-nji ýylda Hytaý – Türkmenistan – Gazagystan – Eýran demir ýol ugry boýunça daşalan ýüküň möçberi müň konteýnere ýetdi.

Üpjünçileriň we ýük daşaýjylaryň talaplaryna laýyklykda, Türkmenistan gazak serhedindäki “Serhetýaka” demir ýol bekedinden iki ugur boýunça demir ýol gatnawyny hödürleýär. Olaryň biri Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistan-Eýran serhedindäki Sarahs demir ýol menziline, beýlekisi bolsa Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Türkmenistan-Eýran serhedindäki Akýaýla demir ýol menziline barýar.

Bu transport geçelgesiniň döredilmegine Gazagystan – Türkmenistan – Eýran halkara demir ýoly gurlandan soň badalga berildi. Bu demir ýol 2014-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň döwlet baştutlanlarynyň gatnaşmagynda açyldy.