Bişkek türkmen gaz tranziti taslamasyny işjeňleşdirmek isleýär

BT
Bişkek türkmen gaz tranziti taslamasyny işjeňleşdirmek isleýär
“Ýangyç we energiýa pudagy hem-de maýa goýumlar boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir” diýip, Žeenbekow aýtdy.

Bişkege Türkmenistan – Gyrgyzystan – Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlaşdyrmak gerek diýip, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow 14-nji martda Bişkekde geçirilen duşuşykda nygtady.

“Ýangyç we energiýa pudagy hem-de maýa goýumlar boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir” diýip, Žeenbekow Gyrgyzystanyň daşary ýurtlarda işleýän diplomatlary bilen geçiren duşuşygynda eden beýanatynda belledi. 

“Biz Türkmenistan – Gyrgyzystan – Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça işleri çaltaşdyrmalydyrys” diýip, Žeenbekow aýtdy. Ol Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasyny göz öňünde tutýar. D şahasy hökmünde hem tanalýan bu gaz geçiriji Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň üstünden geçmeli.

D gaz geçiriji şahasynyň ýyllyk kuwwaty 25 milliard kubmetrden gowrak bolar. Onuň gurluşygy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Hytaýa eksport edýän tebigy gazynyň möçberi ýyllyk 65 milliard kubmetre barabar bolar.

Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi Merkezi Aziýanyň esasy gaz eksport ugrudyr. Häzirki döwürde bu ugur üç şahadan (A, B we C) ybarat bolup, olar tebigy gazy Türkmenistan-Özbegistan serhedinden Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa akdyrýar. Bu gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 9,000 kilometre barabar bolup, ol dünýä boýunça iň uly gaz geçiriji taslamalaryň biridir.  

2022