Aşgabat bilen Seul özara gatnaşyklary berkidýär

BT
Aşgabat bilen Seul özara gatnaşyklary berkidýär
Iki ýurduň liderleri Günorta Koreýanyň täze demirgazyk syýasaty we Türkmenistanyň öz ulag-aragatnaşyk infastrukturasyny ösdürmegi boýunça öňe ilerlemek babatda ylalaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Merkezi Aziýanyň üç ýurduna saparyny üç günlük döwlet sapary bilen Türkmenistandan başlan Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže In energiýa we infrastruktura boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek baradaky meýilnamalaryny yglan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasyndaky ýokary derejeli gepleşikler iki ýurduň resmi wekilleriniň gatnaşmagynda çarşenbe güni “Oguzhan” köşkler toplumynda geçirildi. 

Iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam eden ikiçäk gepleşikleriň barşynda iki ýurduň liderleri Türkmenistan bilen Günorta Koreýanyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň depgini barada maslahat etdiler.

Türkmen lideri Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň, ösýän senagat-ulag düzüminiň hem-de oba hojalyk toplumynyň bardygyny, Koreýa Respublikasynyň bolsa döwrebap tehnologiýalara we önümçilige eýe bolup durýandygyny belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Türkmenistan senagatlaşmaga tarap ugur almak bilen, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga bil baglaýar.

Iki ýurduň liderleri Günorta Koreýanyň täze demirgazyk syýasaty we Türkmenistanyň öz ulag-aragatnaşyk infastrukturasyny ösdürmegi boýunça öňe ilerlemek babatda ylalaşdylar. Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn geljekde Türkmenistanda bilelikdäki energetika taslamalaryny amala aşyrmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi.

Iki ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara, şol sanda Diplomatik, resmi we gulluk pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga we Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň arasynda 2019-2022-nji ýyllar üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna, lukmançylyk işgärlerini, farmasewtika serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna, Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol goýdular.

Günorta Koreýanyň Prezidenti Mun Çže In penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde ýurduň günbatarynda ýerleşýän Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyna bardy. Umumy bahasy 3.4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan Gyýanly polimer zawody Günorta Koreýanyň “Hyundai Engineering Co” kompaniýasynyň ýolbaşçylyk etmegindäki halkara konsorsium tarapyndan guruldy. Gurluşygy 2014-nji ýylyň noýabr aýynda başlanyp, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda tamamlanan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine Günorta Koreýanyň 120-den gowrak kompaniýasy gatnaşdy.

Prezident Mun Çže In toplum bilen tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyp, polietilen we polipropilen öndürýän kärhanalara baryp gördi. Ol Günorta Koreýanyň wekillerini zawodyň hiç-hili hadysasyz we üstünlikli ýagdaýda gurulmagy bilen gutlap, şeýle uly göwrümli gurluşyk taslamasy üçin, munuň dünýäde görlüp-eşidilmedik rekord bolandygyny belledi.   

“Gyýanly toplumy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň diňe başlangyç tapgyry diýip pikir edýärin. Geljegiň kuwwaty beýik bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň çägi ýokdur” diýip, Mun Günorta Koreýadan gelen hünärmenler bilen duşuşygynda aýtdy. “Türkmenistanyň kuwwaty diňe tebigy serişdelerden ybarat däldir. Häzirki wagtda goşmaça bahany ýokarlandyrmak hem-de gazhimiýa senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak meselesi ilerledilýär. Galyberse-de, Ýewraziýa yklymynyň ulag merkezini döretmek ilerledilýär”.

Türkmenistana saparyny tamamlamazdan öň, Mun Türkmenistanyň ösüşine we bu ýurtda iş alyp barýan Günorta Koreýanyň kompaniýalaryna goldaw bermegi wada etdi. 

2022