Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary duşuşdy

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlary duşuşdy
Bu mejlis dar hem-de giňişleýin düzümlerde geçirildi.

2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Mamedow, Ermenistan Respublikasynyň Wise-premýer-ministri M.Grigorýan, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri S.Rumas, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Mamin, Gyrgyz Respublikasynyň Wise-premýer-ministri Ž.Razakow, Moldowa Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.Soroçan, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary D.Said, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri A.Aripow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy –Ýerine ýetiriji sekretary S.N.Lebedew dagylar bardyr.

Bu mejlis dar hem-de giňişleýin düzümlerde geçirildi. Çykyşlaryň barşynda şu ýyl Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde Arkalaşygyň işlerine ýurt tarapyndan uly goşant goşulandygy bellenilip geçildi.

Gepleşikleriň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitleýin ykdysady ösüşiň gazanylmagynda, şol sanda parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň saklanylmagynda GDA-nyň möhüm orny bellenilip geçildi.

Ýurtlaryň arasynda ulag gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, ýokary tehnologiýalary we ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda özarahereket etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisini 2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Moskwada geçirmek hakynda karar kabul edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça resminamalaryň agramly bukjasyna gol çekildi. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylar tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA döwletleriniň innowasion hyzmatdaşlygy boýunça Döwletara maksatnamasyna gol çekildi.

Soňra mejlise gatnaşyjylaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesi boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022