Täjibaý meýdançasy: kükürtsiz gazyň tebigy ojagy

Täjibaý meýdançasy: kükürtsiz gazyň tebigy ojagy

Türkmenistanyň günorta-gündogarynda giçki hek eýýamyna-goteriwe degişli Şatlyk gatlagynyň gaza bol gumdaşly täze käni açyldy. Bu gatlaklarda gaz uly bolmadyk çuňluklarda ýatyr, ony özleşdirmek hem aňsat düşýär. Iň esasy-da, onuň düzüminde kükürt wodorody ýok.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Tebigy gaz institutynyň öňünde bu özboluşly känleri ýüze çykarmak wezipesi goýuldy. Institutyň alymlarynyň Täjibaý meýdançasynda bu wezipä hötde gelişleri barada geologiýa-geofiziki materiallaryň we burawlaýyş maglumatlarynyň dessin seljerme laboratoriýasynyň müdiri Igor Prihodko gürrüň berýär:

-Öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmek üçin Institutyň hünärmenleri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky Bagaja alaňynyň günorta-günbatar eteginiň çäklerinde Şatlyk gatlagynyň köp öýjükli gumdaşlarynyň galitlere (duzlara) öwrülýän zolagyna jikme-jik seljerme berdiler. Netijede belli Malaý tebigy gaz käniniň golaýynda duzlara geçýän zolagy ýüze çykaryldy, onda dolulygyna däl-de, öýjüklere baý gumdaşlar belli bir çäkde duzlara öwrülýär. Biz “Türkmengeologiýa” DK-nyň bölümlerine hut şu Täjibaý meýdançasynda gözleg-agtaryş guýysyny burawlamagy maslahat berdik.

2402 metr çuňlukdaky gatlaga synag geçirilende gije-gündiziň dowamynda debiti 557 müň kub metrden gowrak senagat gaz akymy alyndy. Kern materialy-da köp öýjükli gaza baý gumdaşlaryň bardygyny görkezdi. Bu guýynyň taslama çuňlugynyň 3800 metrdigini bellemek gerek. Buraw işleri tamamlandan we aşaky karbonat gatlagy barlanandan soň biz senagat gaz akymyny almaga umyt bildirýäris.

1-nji guýyda geçirilen synaglaryň netijeleri boýunça Institutyň hünärmenleri Täjibaý meýdançasynda buraw işlerini dowam edip, geologlara taslama çuňlugy 2600 metr bolan 2-nji gözleg guýysyny hem burawlamagy maslahat berdiler. Biziň teklibimiz ýerine ýetirildi. Bu guýy burawlananda geologlar Şatlyk gatlagyndan ýokary debitli – 892 müň kub metrden gowrak senagat gaz akymyny aldylar. Ulanylýan guýynyň synagdan doly geçirilmegi kükürtsiz gazyň senagat gorlarynyň barlygyny tassyklady, onuň debiti gije-gündizde 475 müň kub metre barabardyr. Şunuň bilen baglylykda täze açylan käniň gorlarynyň dessin hasaby geçirildi.

Munda başga-da, tutuş Günorta-Gündogar Türkmenistanda gaza baý gumdaşlaryň duzlara öwrülýän zolaklarynyň ýatandygy baradaky çaklama dogry çykdy. Özü-de, buraw işleriniň görkezişine görä, bu gatlakda “mawy ýangyç” ýetikdir, ýöne ol entek doly öwrenilmedikdir.

Tebigy gaz institutynyň işgärleriniň maslahaty bilen “Türkmengeologiýa” GK-nyň hünärmenleri Günbatar Täjibaý meýdançasynda 1-nji gözleg-agtaryş guýysynda burawlaýyş işlerine başlamagy göz öňünde tutýarlar, bu ýerden hem “mawy ýangyjyň” senagat akymyny almaga umyt bildirýärler. Kükürtsiz gazyň täze känlerini açmak maksady bilen Şatlyk gatlagynyň köp öýjükli gumdaşlarynyň duzlara öwrülýän zolagyny öwrenmek boýunça işler dowam etdiriler.

2022