Demirýol gatnawlary üçin petekler indi onlaýn satyn alnyp bilinýär

Demirýol gatnawlary üçin petekler indi onlaýn satyn alnyp bilinýär

“Türkmendemirýollary” agentligi ýolagçylar üçin petekleriň onlaýn satuwyny ýola goýdy. Bu barada agentiligiň websaýtynda habar berilýär.

Indi ýolagçylar içerki gatnawlar üçin petekleri oturan ýerlerinden, agentligiň resmi websaýty ýa-da onuň Android we iOS operasion ulgamly mobil telefonlar üçin niýetlenen programmalary arkaly satyn alyp bilýärler.

Petekler üçin töleg “Altyn Asyr” milli töleg ulgamy arkaly edilýär.

E-petekleriň satyn alnan seneleri we degişli maglumatlar mobil programmada ýazgyda galýar. Zerur bolan ýagdaýynda, olary mobil telefon arkaly konduktora görkezmek mümkindir.

Türkmenistanyň raýatlaryna we daşary ýurtlardan gelýän syýahatçylara has hem oňaýly şertleri döretmek üçin, ulgamy gurnaýjylar programmany rus we iňlis dillerine hem geçirmegi maksat edinýärler.

Şu ýylyň başyndan bäri paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjylaryna petekleri “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň Aşgabatdaky edaralaryndan satyn almak mümkinçiligi hem döredildi.

2022