Türkmenistanyň Prezidenti daşky gurşaw ulgamynyň işgärlerini gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti daşky gurşaw ulgamynyň işgärlerini gutlady
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine gutlag hatyny iberdi. Milli Liderimiziň gutlagynda: “Ýurdumyzda giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny döredipdirler. Häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär” diýlip bellenilýär.

“Häzirki wagtda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz gutlag hatynda aýdýar.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni 1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döredildi we şondan bäri Ýer şarynyň köp ýurtlarynda giňden bellenilip, dünýä bileleşigini tutuş adamzady tolgundyrýan häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde işjeň hyzmatdaşlyk etmek meýlinde birleşdirýär.

“Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly, köp sanly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara Ylalaşygynyň, “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasynyň, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi, häzirki wagtda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna we onuň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasyna Watanymyzyň başlyklyk etmegi, Garaşsyz döwletimiziň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr” diýlip, hormatly Prezidentimiziň gutlagynda beýan edilýär.

Türkmenistanda  daşky gurşaw boýunça “Tebigaty goramak hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Tokaý kodeksi”, “Balykçylyk we suw biologik serişdeleri goramak hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda” we beýleki Kanunlar hereket edýär.

2022