1.6 million tonna galla ýygnamak meýilleşdirilýär

BT
1.6 million tonna galla ýygnamak meýilleşdirilýär
Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler.

Ýurdumyzda 5-nji iýunda galla oragyna badalga berildi. Oňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň gallaçylary bolsa, oraga 12-nji iýunda goşularlar.

Şu ýyl ýurdumyzyň gallaçylary 760 müň gektar meýdandan 1 million 600 müň tonna däne ýygnamagy meýilleşdirýärler. Ahal welaýatynda 450 müň tonna, Mary welaýatynda 380 müň tonna, Lebap welaýatynda 350 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 300 müň tonna we Balkan welaýatynda 120 müň tonna bugdaý ýygnalar. Şu ýyl galla meýdanlarynda bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten – 1”, “Ýolöten – 3”, “Türkmenbaşy – 1”, “Gyzylşaglawuk – 25”, “Miras”, “Akbaş”, “Hasylly” (Batko) we “Watan” (Wassa) ýaly ýokary hasylly görnüşleri ekildi.

Galla oragy möwsüminde göçme abatlaýyş-mehaniki toparlaryň ýüzlerçesi gije-gündiziň dowamynda gallaçylara hyzmat ederler. Olar işledilýän tehnikalary zerur ýangyç-çalgy ýaglary we ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün ederler. Ýygnalan hasyly kabul ediş bölümlerine hem-de ammarlara daşamakda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar tarapyndan berlen ýük ulaglarynyň on müňden gowragy işlediler.

Tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyk işleri “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerlerdäki bölümleri tarapyndan amala aşyrylar.

2019-njy ýylda bugdaýy satyn almagyň täze döwlet nyrhlary girizildi. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende, azyklyk bugdaýyň bir tonnasynyň bahasy 2 esse ýokarlandyryldy.

2022