Türkmen wekiliýeti Peterburgda Foruma gatnaşýar

BT
Türkmen wekiliýeti Peterburgda Foruma gatnaşýar
SPHYF-2019-yň esasy çäreleri 6–8 iýun aralygynda “Ekspoforum” Maslahat we sergiler merkezinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Halkara ykdysady foruma gatnaşmak üçin Sankt-Peterburg şäherine geldi.

Sankt-Peterburgyň Halkara ykdysady forumy (SPHYF) 1997-nji ýylda geçirilip başlandy. 2006-njy ýyldan bäri bolsa Russiýa Federasiýasynyň prezidentiniň ýolbaşçylygynda we gatnaşmagynda geçirilýär.

Türkmen wekiliýeti forumyň plenar mejlisine gatnaşyp, Türkmenistanyň beýleki döwletler hem-de halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň hem birnäçesini geçirer.

SPHYF-2019-yň esasy çäreleri 6–8 iýun aralygynda “Ekspoforum” Maslahat we sergiler merkezinde geçirilýär.

2022