Milli pawilýonymyz 1581 m2 ýerde myhmanlary kabul eder

Milli pawilýonymyz 1581 m2 ýerde myhmanlary kabul eder
Türkmenistanyň pawilýony üçin 1581 inedördül metr ýer bölünip berildi. Onuň 976 inedördül metrinde ýurdumyzyň sergi binasy ýerleşer.

Dürli ulgamlarda ýetilýän belent sepgitleri dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak, ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, Türkmenistan indi birnäçe ýyldan bäri Bütindünýä “EKSPO” sergilerine işjeň gatnaşyp gelýär. Has takygy, 2010-njy ýylda Hytaýyň Şanhaý şäherinde, 2012-nji ýylda Koreýanyň Ýosu şäherinde, 2015-nji ýylda Italiýanyň Milan şäherinde, 2017-nji ýylda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen “EKSPO” sergilerinde ýurdumyzyň ýeten sepgitleri dünýä jemgyýetçiliginiň dykgatyna ýetirildi. Astanada geçirilen sergide Türkmenistanyň pawilýonynyň adamlaryň iň köp baryp gören pawilýonlarynyň onlugyna girizilendigi aýratyn bellenilmäge mynasyp. Munuň özi ýurdumyzyň gazananlaryna dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Bütindünýä “EKSPO” sergisini 2020-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheri kabul eder. “Akyllary birleşdirip, geljegi döredýäris” diýen şygar boýunça geçiriljek bu ählumumy gözden geçirilişe Türkmenistan hem öz pawilýony bilen gatnaşar.

Bütindünýä “EKSPO – 2020” sergisinde ýurdumyzyň pawilýonyny gurmak maksady bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi halkara bäsleşik (tender) yglan etdi. Onuň netijeleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy – “Tekmil” hususy kärhanasynyň taslamasy ýeňiji diýlip, yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen bu kärhana Dubaý şäherinde ýurdumyzyň milli pawilýonyny gurmaga ygtyýar berildi. Munuň özi ýurdumyzyň hususyýetçilerine bildirilen nobatdaky ýokary ynamdyr.

“Tekmil” hususy kärhanasynyň alyp barýan işleri hem-de ýurdumyzyň pawilýonyny gurmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän taslamalar bilen gyzyklanyp, ýakynda bu kärhanada myhmançylykda bolduk. “Tekmil” hususy kärhanasynyň dizaýneri Myratgeldi Berkeliýew söhbetdeşligimiziň başynda 2013-nji ýylda esaslandyrylan bu kärhananyň, esasan, dynç alyş hem-de binagärlik-bezeg ugurlary boýunça iş alyp barýandygyny aýdyp, şeýle diýdi:

– Kärhanamyzyň taslamasynyň saýlanyp alynmagy – biziň üçin örän ýokary dereje. Sergide geljegiň innowasion tehnologiýalaryny ýüze çykarmak hem-de dünýä ýurtlaryna hödürlemek maksat edinilýär. Hut şonuň üçin hem biz öz taslamamyzda iň häzirki zaman innowasion enjamlaryny ulanmagy göz öňünde tutýarys. Ýurdumyzda geçirilýän iri baýramçylyk çärelerini, konsertleri, halkara sport ýaryşlaryny dürli hili yşyklar, multimedia enjamlary bilen bezemekde tejribämiz bar. “Aşgabat – 2017-niň” käbir medeni sahnalaryny, “Amul – Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşynyň esasy sahnasyny, Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny, ABU-nyň VII aýdym-saz festiwalyny, ýurdumyzyň Baş arçasyny, Garaşsyzlyk baýramçylygynyň esasy dabaralaryny multimedia yşyklandyryjy enjamlar bilen bezemek “Tekmil” hususy kärhanasyna ynanyldy.

Iň guwandyryjy ýagdaýlaryň biri, kärhanamyzyň halkara derejeli bäsleşiklere hem yzygiderli gatnaşýandygydyr. Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň XXV ýyllygy mynasybetli guralan iri möçberli dabarany guramak boýunça geçirilen halkara bäsleşikde-de ýeňiji bolduk. Bellemeli ýeri, “Tekmil” hususy kärhanasynyň “EKSPO” sergilerine gatnaşmagy ilkinji gezek däldir. Italiýanyň Milan şäherinde geçirilen Bütindünýä “EKSPO – 2015” sergisinde hem ýurdumyzyň pawilýonyny bezemek üçin bu kärhananyň dizaýnerçilik taslamalary ulanyldy. Diýmek, kärhananyň “Kämillige tarap ýol” atly şygary iş ýüzünde amala aşýar diýsek, hakykatdan daş düşmeris.

Häzirki wagtda Dubaý şäherinde milli pawilýonymyzy taslamalaşdyrmak, inžener-tehniki çözgütleri kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Nesip bolsa, ýakyn wagtda biz taslamanyň gurluşyk işlerine girişeris. “EKSPO – 2020” sergisinde guruljak pawilýon barada aýdanymyzda, Türkmenistanyň pawilýony üçin 1581 inedördül metr ýer bölünip berildi. Onuň 976 inedördül metrinde ýurdumyzyň sergi binasy ýerleşer. Türkmenistanyň pawilýony millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygyny emele getirýär. Binanyň daşynda bäş sany ahalteke bedewiniň şekili ýerleşdirilen suw çüwdürimi bar. Aýdym-sazly yşyklandyryjyly suw çüwdürimindäki bedew atlar ýurduň bedew batly ösüşlerini, bäş welaýatyň agzybirligini alamatlandyrýar. Binanyň öň tarapynda ahalteke bedewiniň agaçdan edilen keşbi, sag tarapynda türkmen halysynyň nyşany, çep gapdalynda bolsa, gara öý şekilinde uly ekran ýerleşýär. Binanyň ýokarsynda bäş sany haly göli hem-de “Türkmenistan” diýen ýazgy şekillendirilendir.

Ýurdumyzyň pawilýony iki gatdan ybarat bolup, girelgede Türkmenistan hakynda maglumatlar, wideoşekiller ýerleşdirilen ekran durýar. Onuň gapdalynda iki sany sensorly tablo bolup, olar arkaly sergini görmäge gelen myhmanlar ýurdumyzyň ýeten sepgitleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alarlar. Girelgäniň içinde ähli taraplary 3D multimedia we ýörite otag bolup, onda ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleri hakynda wideoşekiller görkezilýär. Bu ýerde kinetik ulgam bolup, ol şekilleri janly ýaly görnüşe getirmäge ýardam berýär. Gidrawliki ulgam, 3D gologramma ýaly enjamlar dünýäniň tehnologiýa babatda iň soňky gazananlarydyr. Munuň özi sergä gelen myhmanlara Türkmenistana gaýybana syýahat etmek üçin döredilen ajaýyp mümkinçilikdir.

Binanyň ikinji gaty ýurdumyzyň ekspoziýasy üçin niýetlenendir. Bu ýerde dürli pudaklaryň sergi diwarlyklary, medeni çäreleri hem-de moda görkezilişleri geçirmek üçin sahna bar. Taslamada işewürlik maslahatlaryny, duşuşyklary geçirmek üçin niýetlenen meýdançalar hem göz öňünde tutulandyr. Myhmanlar üçin türkmen milli tagamlaryny hödürleýän naharhanadyr sowgatlyk dükany hem milli pawilýonymyzda ýerleşdiriler.

“Tekmil” hususy kärhanasynyň taslamasy bilen ýakyndan tanşanyňda, ýurdumyzyň pawilýonynyň Bütindünýä “EKSPO – 2020” sergisiniň baş şygary bilen özara sazlaşygy emele getirýändigini görmek bolýar. Iň häzirki zaman innowasion enjamlardyr LED yşyklandyryjylar, sanly ulgam arkaly işleýän dürli hili binagärlik bezegleri ýurdumyzyň dürli ulgamlarda ýeten belent derejesini döwrebap görnüşde şöhlelendirmäge ýardam berýär. Dubaý şäherinde alty aýlap dowam etjek sergä 25 milliondan gowrak myhmanyň baryp görmegine garaşylýar. Ine, “Tekmil” hususy kärhanasy üçin täze gözýetimler! Ine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny äleme ýaýmaga nobatdaky mümkinçilik!

Çeşme: “Türkmenistan” gazeti, 08.06.2019

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022