TDH täze mediýa taslamasyna goşuldy

TDH täze mediýa taslamasyna goşuldy
Taslamanyň esasy maksady GDA döwletleriniň arasynda umumy maglumat giňişligini döretmekden hem-de ýurtlaryň arasyndaky media hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen halkara ykdysady forumyň çäklerinde GDA gatnaşyjy ýurtlaryň habarlar agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar Arkalaşygyň umumy maglumat giňişliginiň ösüşi boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar hem-de Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligini (TDH) GDA gatnaşyjy ýurtlaryň milli habarlar agentlikleriniň assosiasiýasynyň (АНИА) bilelikdäki taslamasyna goşulmagy bilen gutladylar.

Bu taslamanyň esasy maksady GDA döwletleriniň arasynda umumy maglumat giňişligini döretmekden hem-de ýurtlaryň arasyndaky media hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, TDH-niň bu media taslama goşulmagy hakyndaky teklip 15 – 16-njy maýda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynda TACC habarlar agentligi tarapyndan öňe sürlüpdi.

“Türkmenistan” gazeti, 11.06.2019

2022