ÝTÖB Işewürlik meýdançasyny geçirer

ÝTÖB Işewürlik meýdançasyny geçirer
Türkmenistanda hereket edip başlanyndan bäri ÝTÖB umumylykda 75 taslama 295 million ýewro maliýe serişdesini goýberdi.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky (EBRD) Türkmenistanyň ykdysatçylar birleşmesiniň maslahatçylar bölümi bilen bilelikde ýedinji “Strategiýa – işewürler üçin üstünligiň binýadydyr” atly Işewürlik meýdançasyny geçirer. Bu barada EBRD habar berýär.

25-nji iýunda Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanasynda geçiriljek çärä Türkmenistanyň kiçi we orta göwrümli kärhanalarynyň ýolbaşçylary çagyrylýar. Taslama Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Işewürlik meýdançasynda “MCT Agency” kompaniýasynyň direktory Daniil Maýkowskiý “Gelejek şu gün başlanýar” atly mowzuk bilen, “Türkmen Ekspert” hojalyk jemgyýetinden Sergeý Mineýew “Gazanmagy başarmak – gaýduwsyzlygyň, aýap saklap bilmek – paýhasyň, dogry sarp etmek – sungatyň alamatydyr” atly mowzuk bilen we “Halkara standart hyzmatlary” hususy kärhanasynyň direktory Wepa Mälikgulyýew bolsa “ISO 9001 we kärhanany uzakdan dolandyrmak” atly mowzuk bilen çykyş eder.

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky 1991-nji ýylda döredilen halkara maliýe guramasydyr. Dünýäniň 69 döwleti we iki sany ÝB guramasy tarapyndan eýeçilik edilýän Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky häzirki döwürde Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň 30-dan gowrak ýurdunda iş alyp barýar.

2022