Peterburg forumyna 75 döwletden 17 müň wekil gatnaşdy

BT
Peterburg forumyna 75 döwletden 17 müň wekil gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti forumyň esasy mejlisine gatnaşyp, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

6 – 8-nji iýuny aralygynda Russiýada geçirilen Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine dünýäniň 75 döwletinden 17 müň wekil, şol sanda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýeti forumyň esasy mejlisine gatnaşyp, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.

TACC habarlar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, “KamAZ” kompaniýasy Türkmenistana her ýylda, takmynan, 1 müň ýük ulagyny satmak hakynda ylalaşyk baglaşmagy meýilleşdirýär. Peterburg halkara ykdysady forumynda žurnalistler bilen söhbetdeşlikde kompaniýanyň baş direktory tarapyndan bu barada habar berildi.

“KamAZ” kompaniýasy 1969-njy ýylda Tatarystanyň Naberežnye Çelny şäherinde esaslandyryldy. 1976-njy ýylda ilkinji “КамАЗ-5320” kysymly ulag öndürildi. Aşgabat şäherinde 2009-njy ýylyň iýul aýynda “KamAZ-yň” okuw söwda we hyzmat toplumy açyldy.