Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde 22-24-nji iýul aralygynda geçirilýän “Home Textiles Sourcing Expo” sergisi Türkmenistany ilkinji gezek täze Jawits Maslahatlar Merkezinde garşy alar. “Messe Frankfurt” bilen CCPIT-TEX-iň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň miwesi bolan bu sergi Demirgazyk Amerikada diňe öý hojalygy üçin niýetlenen dokma senagaty önümlerini hödürleýän söwda çäresidir.
“Öý hojalygy üçin niýetlenen dokma senagaty bazarynda global lider hökmünde, bu sergide dürli ýurtlary garşy alýandygymyza buýsanýarys. Senagat boýunça söwda sergilerine gezek gelende, ABŞ-daky sarp edijiler hem ýerli önümleri, hem daşary ýurtlaryň önümlerini talap edýärler. 2019-njy ýyl boýunça Home Textiles Sourcing Expo sergisine dünýäniň dürli ýurtlaryndan gatnaşýanlaryň sanynyň rekord derejä ýetendigini yglan etmek bizi juda begendirýär” diýip, serginiň müdiri Jenifer Beýkon aýtdy.
“Home Textiles Sourcing Expo” sergisiniň 2019-njy ýyldaky tapgyry jemi dokuz ugurdan ybaratdyr – düşekçe, stol üçin niýetlenen önümler, ýer örtükleri, aýna, mata, aşhana önümleri, diwar, şeýle-de dizaýn we tehnologiýa. Türkmenistanyň Dokma senagaty minstrligi bu sergide öz kärhanalarynyň düşekçeler üçin niýetlenen we 100% pagtadan öndürilen kreton, ranfors, flanel we atlas önümleri bilen tanyşdyrar.
Her ýyl 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny ýygnaýan Türkmenistan pagta önümçiliginde dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýär. Pagta we pagta önümleri Türkmenistanyň iň köp eksport edýän önümleriniň arasyndadyr. Şeýle-de Türkmenistan ýurtda ýygnalýan pagtanyň adam başyna düşýän möçberi boýunça dünýäde ilkinji orny eýeleýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen we eksporta sazlanan dokma senagaty kemala geldi. Ýurtda ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan 60 sany dokma senagaty toplumy hereket edýär. Häzirki döwürde öndürilýän dokma senagaty önümleriniň 80 göterimden gowragy Aziýa, Ýewropa we Demirgazyk Amerika kontinentlerinde ýerleşýän döwletlere eksport edilýär.