Bakuda birinji Hazar ykdysady forumy barada tegelek stol geçirildi

Bakuda birinji Hazar ykdysady forumy barada tegelek stol geçirildi
Şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirildi.

2019-njy ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy Azerbaýjanyň halkara gatnaşyklary seljeriş Merkezi bilen bilelikde şu ýylyň awgust aýynyň 12-sine “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna bagyşlap tegelek stoluň başyndaky duşuşygy geçirdi.

Duşuşyga Baku şäherinde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, deputatlar, maliýe-ykdysady we maýa goýum edaralarynyň wekilleri, bilermenler, alymlar, şeýle-de, Azerbaýjanda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Çärede çykyş edenler birinji Hazar ykdysady forumy geçirmek boýunça başlangyjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürendigini nygtap, Türkmenistanyň baý tebigy gorlary, Türkmenistanyň sebit we halkara ulag-logistika gatnaşyklarynda eýeleýän wajyp orny, iri döwrebap infrastruktura desgalary hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi barada belläp geçdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

2022