Iki müňe golaý “KAMAZ” satyn alnar

Iki müňe golaý “KAMAZ” satyn alnar
“KAMAZ” ulaglarynyň 2000-e golaýyny satyn almak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, beýleki edara-kärhanalara “KAMAZ” kysymly awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň uly toplumyny we ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak barada “KAMAZ FTC CORP.LLP” kompaniýasy (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" habar berýär.

“KAMAZ” tehnikalarynyň 2000-e golaýyny satyn almak meýilleşdirilýär. 

“KamAZ” kompaniýasy 1969-njy ýylda Tatarystanyň Naberežnye Çelny şäherinde esaslandyryldy. 1976-njy ýylda ilkinji “КамАЗ-5320” kysymly ulag öndürildi. Aşgabat şäherinde 2009-njy ýylyň iýul aýynda “KamAZ-yň” okuw söwda we hyzmat toplumy açyldy.