“Mercedes-Benz” awtoulaglarynyň öndürijisi “Daimler AG” nemes awtomobil kompaniýasy 2019-njy ýylda garaşylýan girdeji görkezijisini millionlarça ýewro peseltdi. Ýekşenbe güni yglan edilen maliýe peseldişi Germaniýanyň awtomobil senagatyny sarsdyran dizel ýangyjynyň zyňyndylary hakyndaky mesele netijesinde emele geldi.
Ştutgart şäherinde ýerleşýän “Daimler AG” kompaniýasy öz dizel ulaglaryndan çykýan zyňyndylardan daşky gurşawyň erbet hapalanmagy boýunça Ýewropa bilen ABŞ-nyň alyp barýan barlaglary bilen ýüzbe-ýüz bolýar. 2018-nji ýylda Germaniýanyň hökümeti kompaniýa jerime töletmezden, ony öz Ýewropadaky awtoulaglarynyň programmalaryny kämilleşdirmäge mejbur etdi.
“Bloombergiň” habar bermegine görä, hökümet bilen baglanyşykly ýüze çykan dizel meselesi boýunça kompaniýa öz gorunyň göwrümini "birnäçe million ýewro" artdyrdy. Ýekşenbe güni ýaýradylan paýnama hasabatyna görä, bu ýagdaý "Daimler" kompaniýasynyň tutuş ýyl boýunça girdeji çaklamasyny geçen ýylyň derejesine çenli peselder.
Bu goşmaça meseleler kompaniýanyň ikinji çärýek boýunça girdejilerine hem zarbar urar.
2017-nji ýylyň maý aýynda ÝB-niň 28 sany agza ýurtlary ýollardaky awtoulaglary barlagdan geçirmek arkaly öndürijileriň arasyndan düzgün bozujylara jerime salyp, ulag serişdeleriniň zyňyndylaryna gaýtadan seretmek hakynda ÝB-niň edaralary bilen gepleşik geçirmek boýunça ylalaşdylar.