“Goodyear” “Airbus” kompaniýasyny radial tekerler bilen üpjün eder

“Goodyear” “Airbus” kompaniýasyny radial tekerler bilen üpjün eder

“Goodyear Tire & Rubber” kompaniýasy “Airbus” kompaniýasy tarapyndan “Airbus A321XLR” kysymly täze uçarynyň esasy we burun şassisini radial tekerler bilen üpjün ediji hökmünde saýlandy diýlip, kompaniýanyň beýanatynda habar berilýär.

"Goodyear" kompaniýasynyň öňdebaryjy "Flight radial" awiasiýa tekerleri ýörite tehnologiýalar arkaly öndürilip, bu önümler şekiliniň durnukly saklanyp galmagy, ulanyş möhletiniň köpe çekmegi we kesiji zarbalara çydamlylygy bilen tapawutlanýan süýngüçden ýasalan berk guşaklyklary özünde jemleýär.

“Goodyear radial tekerleri täze Airbus A321XLR üçin örän amatlydyr, biz hem bu täsin uçarlar üçin üpjün ediji hökmünde çykyş etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" diýip, “Goodyear” kompaniýasynyň ýörite-tehnika işewürligi boýunça prezidenti aýtdy.

Bu üstünlik “Airbus” bilen “Goodyear” kompaniýalarynyň arasynda uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän hyzmatdaşlygy saklap galýar we "Goodyear" kompaniýasynyň öz hyzmatdaşlaryny iň ýokary hilli önümler we hyzmatlar bilen üpjün etmäge ýykgyn edýändigini görkezýär.

“Airbus” kompaniýasynyň habar bermegine görä, “A321XLR” uçarynyň 4700 deňiz milini geçmek ukyby bar. Bu öň ýetilmedik derejedir. Täze uçar “A321LR” uçaryndan 15% köp aralygy geçip bilýär hem-de ýangyjy has az sarp edýär.

“Goodyear” teker öndürmek boýunça dünýäde iň iri kompaniýalaryň biridir. Bu kompaniýada 64 müňden gowrak adam işleýär, onuň önümleri bolsa dünýäniň 21 ýurdunda ýerleşýän 47 kärhanada öndürilýär.

2022