Owgan wekiliýeti Aşgabatda TOPH taslamasyny maslahat etdi

Owgan wekiliýeti Aşgabatda TOPH taslamasyny maslahat etdi
Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi.

22-nji iýunda Owganystan Yslam Respublikasynyň Milli howpsuzlyk meseleleri boýunça geňeşçisi Hamdulla Mohibiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana iş sapary bilen geldi diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyk geçirildi. Owganystan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Owgan wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň hormatly Prezidentine goňşy ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýunça halkara başlangyçlary hem-de döwletiň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi barada edýän tagallalary üçin hoşallyk bildirdiler.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça ara alyp maslahatlaşdylar.