Ýapon oýlap tapyşy 43 dilde gürlemäge mümkinçilik berýär

Ýapon oýlap tapyşy 43 dilde gürlemäge mümkinçilik berýär
Özüniň ýeňil we kiçi göwrümi bilen “MUAMA Enence” guralyny ýanyňda götermek hem amatlydyr.

Daşary ýurt dillerini bilmegiň häzirki zamanda meşhur bolmagy medeniýet köpdürliliginiň hem-de daşary ýurtlarda iş alyp barýan kompaniýalaryň artmagynyň netijesidir. Daşary ýurt dillerini bilmek size isleýän işiňize girmäge we derejäňizi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Meşgullanýan işiňizde dil bilmek zeruryýeti bolsun ýa-da daşary ýurtlara syýahat bolsun – söhbetdeşleriňiz bilen olaryň ene dilinde gürleşip bilmek siziň üçin uly artykmaçlykdyr.

Ýapon oýlap tapyjylary terjime işini täze derejä çykardylar, ýagny 40-dan gowrak dile bir bada terjime edip, gepleşigi aňsatlaşdyrýan “MUAMA Enence” atly terjimeçini döretdiler. Bu terjimeçi birnäçe amalyň üsti bilen araňyzdaky ähli dil böwetlerini aýryp, sizi ökde gürrüňdeşe öwürer.

Özüniň ýeňil we kiçi göwrümi bilen “MUAMA Enence” guralyny ýanyňda götermek hem amatlydyr. Bu ýerden hem onuň ady gelip çykýar, ýagny “elde göterilýän terjimeçi” we siz ony her gün ulanmak islärsiňiz.

2022