2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň täze 4 görnüşini goşmak teklip edildi. Teklip tassyklanan ýagdaýynda türgenler breýk-tansy, skeýtbording, daga dyrmaşmak we sörfing boýunça ýaryşarlar.
25-nji iýunda Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) 134-nji mejlisinde Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 4 görnüşini goşmak hakynda teklibi komitetiň ähli agzalary tarapyndan goldandy.
"Pariž tarapyndan teklip edilen bu 4 görnüş Olimpiýa oýunlary 2020-iň maksatnamasyna doly laýyk gelýär. Olar oýunlaryň maksatnamasyny has deňagramly we döwrebap ýagdaýa getirmäge hem-de ýaş nesli gyzyklandyrmaga ýardam berer" diýip, HOK-yň Prezidenti Tomas Bah belleýär.
Breýk-tansy boýunça ýaryşda 16 erkek we 16 zenan türgen öz aralarynda medallaryň iki toplumy üçin ýaryşarlar. Skeýtbordingde medallaryň dört toplumy – erkek we zenanlar üçin iki toplumy gowşurylar, bu ýaryş ýörite meýdançada we seýilgähde geçiriler.
Daga dyrmaşmakda hem dört düzgün-nyzam boýunça zenanlar we erkekler üçin iki-ikiden ýaryş geçiriler. Sörfing sportunda gysga tagtada geçirilýän ýaryşda medallaryň iki toplumy gowşurylar.
HOK bu baradaky soňky kararyny 2020-nji ýylyň dekabr aýynda mälim eder.