Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Şeýle hem ýurdumyzyň senagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň möhüm ugurlaryna deglip geçildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji iýunda iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Ýaponiýaly işewürler “Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” kompaniýasynyň energetika ulgamy we kärhana işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tatsuýa Watanabe we “Sojitz” korporasiýasynyň ýerine ýetiriji direktory, “Sojitz Europe plс” kompaniýasynyň Ýewropa, Russiýa we GDA boýunça prezidenti we baş direktory Satoru Takahama hem-de şu korporasiýanyň geňeşçisi, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-türkmen komitetiniň wise-başlygy Toşiharu Ýoşimura bilen duşuşyk geçirildi.

Şeýle hem milli Liderimiz türk işewürleri “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy, “NATA Holding” kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Namyk Tanygy, “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda özara peýdaly gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri we ýapon we türk maýadarlarynyň milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak maksatnamalaryna gatnaşygy we ýokary tehnologiýaly önümleri öndürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň senagat toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň möhüm ugurlaryna deglip geçildi.

“Kawasaki Heavy Industries, Ltd.” we “Rönesans Holding” Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän toplumyň gurluşygyny amala aşyrdylar.

“Çalyk Holdingiň” ýolbaşçysy kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň ugrunda elektrik geçiriji ulgamyny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işewürleri awgust aýynda geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

2022
ENG TM РУС