27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ýoşihiko Isozakini kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Himiýa senagaty, şol sanda nebit we gaz himiýasy, ulag-aragatnaşyk pudagy, logistika, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işine möhüm orun degişlidir. Onuň nobatdaky, 13-nji bilelikdäki mejlisi şu ýylyň 23-nji maýynda Aşgabatda geçirildi.
Owadandepede dünýäde ilkinji senagat desgasy bolan tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän döwrebap zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ýoşihiko Isozaki hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Şeýle hem türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köpugurly esasda, hususan-da, ulgamlaýyn häsiýete eýe bolan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär.
Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.