Gazdan benzin öndürýän zawod halkara şahadatnamalara mynasyp boldy

Gazdan benzin öndürýän zawod halkara şahadatnamalara mynasyp boldy
Dabaranyň dowamynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyna abraýly halkara şahadatnamalary gowşuryldy.

Paýtagtymyzyň “Mizan” işewürlik merkezinde täze senagat toplumy bolan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mejlis geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti mejlisde çykyş edip, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň esasy wezipeleri, senagat toplumyny ösdürmegiň ugurlary barada aýdyp geçdi.

Dabaranyň dowamynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyna abraýly halkara şahadatnamalary gowşuryldy.

“Guinness World Records” kompaniýasynyň “Tebigy gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod”, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň “Ekologiki taýdan arassa” we Şweýsariýanyň Federatiw tehnologiki institutynyň “Innowasiýa tehnologiýalary” atly şahadatnamalary gowşuryldy.

Hormatly Prezidentimiz we dabara gatnaşan myhmanlar “Mizan” işewürlik merkezinden çykyp, Ahal welaýatynda gurlan tebigy gazdan sintetiki benzini öndürýän zawodyna tarap ugradylar.

2022