ECO-93 benzinini öndürýän täze iri zawod açyldy

ECO-93 benzinini öndürýän täze iri zawod açyldy

Täze iri senagat toplumyň – tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen desgany açyp, täze iri toplum bilen tanyşdy.

Zawodyň dolandyryş merkezinde döwlet Baştutanymyza we ýokary wezipeli ýapon myhmanlaryna zawodyň aýratynlyklaryny görkezýän, gazy gaýtadan işlemegiň önümçilik prosesleri we taýýar önümleriň öndürilişi barada wideoşekil görkezildi. Kärhananyň ýolbaşçysy myhmanlara gazyň ýangyja öwrülişiniň tehnologiki yzygiderligi barada gürrüň berdi.

Bu ýerde ýokary basyşyň we gyzgynlygyň astynda geçirilýän çylşyrymly himiki reaksiýasy – gazyň suwuklandyrylan uglewodorodlara öwrülişi amala aşýar. Ähli prosesler awtomati usulda we merkezleşdirilen ulgamda dolandyrylýar.

Benziniň hilini ýokarlandyrmak üçin bu desgada birinji tapgyrda onuň düzüminden metany we etany, ikinji tapgyrda bolsa suwuklandyrylan gazy aýyrýarlar. Üçünji tapgyrda bolsa benzini ýeňil we agyr fraksiýalara bölýärler. Ýeňil benzin göwrümi 850 kub metr bolan iki rezerwuara gelip gowuşýar. Dördünji tapgyrda agyr benzin ýangyjyň hilini ýokarlandyrýan iki sany desga gelip gowuşýar, bu ýerde durolyň derejesi peseldilýär. Soňra ol göwrümi 230 kub metr bolan iki rezerwuara ugradylýar. Dört rezerwuarlardan ýangyç geçirijiler boýunça ýeňil we agyr benzinler garyşyk ýagdaýda akdyrylýar we onuň netijesinde benziniň satlyk görnüşi emele gelýär.

Ýeňil we agyr benzinleriň öndürilişi üçin niýetlenen ýörite desgalarda kükürtden arassalanan dizel ýangyjy emele gelýär.

Zawodyň öndürýän sintetiki ýangyjy ekologiki häsiýetleri bilen tapawutlanýar, ýagny daşky gurşaw üçin zyýanly kükürt birleşmeleri, azotly organiki birleşmeler onuň düzüminde bolmaz. Zawodyň esasy önümi ECO-93 benzini göwrümi 18000 kub metr üç sany rezerwuarda saklanýar, olarda benziniň hiliniň üýtgemezligi üçin ýörite nasos enjamy yzygiderli işläp durýar.

Suwuklandyrylan gaz ikinji gymmatly önüm bolup, şar görnüşli 2000 kub metr göwrümli, kükürtsiz dizel ýangyjy bolsa 360 kub metr göwrümli rezerwuarda saklanylýar.

Ähli rezerwuarlar talaba laýyk ýangyna garşy serişdeler bilen üpjün edilendir. Taýýar önümi alyjylara ugratmak üçin benzini demir ýol düzümlerine we awtoulag serişdelerine ýüklemek, şeýle hem kondisiýasyz benzini, kükürtsiz dizeli we suwuklandyrylan gazy awtoulaglara ýüklemek üçin toplumlar işleýär.

2022