Türkmen işewürleri Tokio gazna biržasynda boldular

BT
Türkmen işewürleri Tokio gazna biržasynda boldular

Aşgabat — Tokio göni howa gatnawy arkaly 26-njy iýunda Ýaponiýa ugran Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary anna güni Tokio gazna biržasyna baryp gördüler. Türkmen işewürleriniň sapary mynasybetli, biržanyň baş ekranynda "Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hoş geldiňiz!" ýazgysy peýda boldy. 

Tokio gazna biržasy 1878-nji ýylda döredilip, ol häzirki wagtda ululygy boýunça Aziýada birinji, dünýäde bolsa dördünji orunda durýar. Biržanyň düzümindäki kompaniýalaryň umumy bazar kapitalynyň gymmaty 4 trillion ABŞ dollaryndan gowrakdyr.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Ýaponiýa dowam edýän saparlarynyň çäklerinde "Ota" gök we bakja önümleri lomaý bazaryna, "Nihonbashi Mitsukoshi Depachika" azyk önümleri bazaryna, dünýaniň iň iri deňiz we balyk önümleri bazary bolan "Tsukiji" balyk bazaryna, "Shinagawa" elektronika bazaryna we "RGF Talent Solutions" kompaniýasyna hem baryp görerler. 

Türkmen syýahatçylyk kompaniýalary bilen "Türkmenhowaýollary" gullugy bilelikde 26-30-njy iýun aralygynda ýaponiýaly syýahatçylar üçin hem ýörite göni gatnawy işläp düzdüler.