Arktiki tilki Norwegiýadan Kanada 3500 km ýol aşdy

Arktiki tilki Norwegiýadan Kanada 3500 km ýol aşdy
Häzirki wagta çenli tilkileriň bular ýaly aralygy şeýle gysga wagtda geçmegi hasaba alynmandy.

Bir ýaşly arktiki tilki Norwegiýadan Kanada çenli 76 günde 3500 kilometrden gowrak ýol aşyp uly syýahaty amala aşyrdy.

Geçen ýylyň mart aýynda Norwegiýanyň Polýar institutynyň alymlary bu ýaş tilkini Norwegiýany Demirgazyk polýusy bilen bölýän Şpisbergen adalar toplumynyň iň uly adasyna, Şpisbergeniň gündogar kenaryndaky tebigata goýberdiler.

Tilki öz syýahatyna entek bir ýaşy dolmanka başlady. Ol Demirgazyk polýusynyň ýanyndaky adalar toplumyndan Grenlandiýa çenli 1500 kilometrden gowrak ýol aşdy. Syýahatynyň bu tapgyryny bary-ýogy 21 günde tamamlap, ikinji tapgyra girişdi.

Soňra tilki Kanadanyň Elsmir adasyna çenli 2000 kilometr ýol sökdi. Tutuş ýoly aşmak üçin tilkä 76 gün gerek boldy, ol günde ortaça 46 kilometr aralygy geçdi. Ýöne bu “höwesjeň” tilkiniň bir günde 155 kilometrden gowrak aralygy hem söken wagty boldy.

Polýar institutynyň alymlarynyň aýtmagyna görä, tilki öz syýahatyny dowam eden bolmagam ahmal, ýöne olar fewralda Kanada baryp ýeten tilkiden indi habar alyp bilmeýärler, sebäbi tilkä dakylan maglumat iberiji işlemegini bes etdi. Häzirki gün tilkiniň ykbaly hakynda hiç zat belli däl.

Häzirki wagta çenli tilkileriň bular ýaly aralygy şeýle gysga wagtda geçmegi hasaba alynmandy.

Gyş paslynda bu görnüşli tilkiler iýmitiň gözlegine çykyp, ýygy-ýygydan başga sebitlere göçýärler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022