Jaguar Land Rover elektroulag zawodyny açýar

BT
Jaguar Land Rover elektroulag zawodyny açýar

Birleşen Patyşalygyň iň uly awtomobil öndüriji kompaniýasy “Jaguar Land Rover” (JLR) elektrik energiýasy bilen işleýän awtoulaglary öndürmek boýunça täze meýilnamasyny mälim etdi. Kompaniýa täze maýa goýum taslamasy üçin Kastl Bromwiç zawodyny täzeden gurnaýar. Zawod elektroulaglar öndürmäge niýetlenen enjamlaryň ornaşdyrylmagy üçin 6 hepdeläp işini togtadar. JLR-niň habar bermegine görä täzeleniş işlerine awgust aýynda başlanar.

Ilkinji öndüriljek ulag “Jaguar XJ-niň” elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşi bolar. Täze ulagyň batareýasy Worikşirde, hereketlendirijisi bolsa, JLR-iň Wolwerhemptonyň golaýyndaky zawodynda öndüriler.

Ýanwar aýynda kompaniýa 4 müň 500 işgärini çykarjakdygyny mälim edipdi. Elektroulaglary öndürmäge niýetlenen täze taslamanyň çäklerinde Birmingam şäherindäki fabrikada işleýän 2 müň 500 işgär bilen täze şertnama baglaşylar.

2017-nji ýylyň iýul aýynda Britan hökümeti 2040-njy ýyldan benzin we dizel ýangyjy bilen hereket edýän ulaglaryň gadagan ediljekdigini mälim etdi. Bu habaryň yzysüre, sentýabr aýynda kompaniýa 2020-nji ýyldan başlap, “Jaguar” we “Land Rover” kysymly ähli awtoulaglaryň elektrik energiýasy bilen işleýän görnüşlerini öndürjekdigini bildirdi.

Geçen ýylyň dowamynda dünýäniň 128 ýurdunda 592 müň 708 sany ulag satan JLR kompaniýasy 5-nji iýunda täze nesil elektrik energiýasy bilen işleýän sürüş ulgamlaryny öndürmek boýunça BMW bilen hyzmatdaşlyga başlady.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022