Senagat nusgalaryny goramak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Senagat nusgalaryny goramak boýunça okuw maslahaty geçirildi
Okuw maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler çagyryldy.

“Arçabil” myhmanhanasynda penşenbe güni senagat nusgalaryny goramagyň meseleleri boýunça okuw maslahaty işini tamamlady. Ol Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçiligi baradaky döwlet gullugy bilen bilelikde guraldy.

Iki gün dowam eden okuw maslahatyna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de beýlekiler çagyryldy. Forumyň işine Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyndan halkara bilermen hökmünde maglumat meseleleri boýunça uly geňeşçi Mihail Faleýew gatnaşdy.

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy bolup, ylymda, ykdysadyýetde innowasiýalary we döredijiligi höweslendirmegiň serişdesi hökmünde intellektual eýeçiligi peýdalanmagyň meseleleri (patentler, awtorlyk hukugy, harytlyk nyşanlar, nusgalar we ş.m.) bilen meşgullanýar.

Türkmenistan Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasyna (BIEG) 1995-nji ýylda girip, degişli konwensiýa goşuldy, Senagat nusgalaryny halkara hasaba almagyň Gaaga ulgamyna bolsa 2016-njy ýylda girdi.

2015-nji ýylyň awgust aýynda “Türkmenistanda 2015 — 2020-nji ýyllar üçin intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň maksatnamasy” herekete girizildi.

Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasy bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde 2017-nji ýylda «Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny çykaryldy.

2022