“Spotify Lite” 36 ýurtda ulanyşa girdi

BT
“Spotify Lite” 36 ýurtda ulanyşa girdi
“Spotify-yň” 2019-njy ýylyň aprel aýyndaky maglumatyna görä, 217 million aýlyk işjeň ulanyjysy bar.

Aýdymlary, dürli görnüşli ýazgylary onlaýn diňlemäge mümkinçilik berýän “Spotify” platformasy şu gün “Spotify lite” applikasiýasyny hödürledi. Bir ýyldan gowrak wagt bäri üstünde işlenilýän täze applikasiýa “Android” ulgamy arkaly işleýan smartfonlar üçin niýetlenip, onuň göwrümi 10 megabaýta hem ýetmeýär.

“Ulanyjylaryň teswirleri nazara alnyp taýýarlanylan “Spotify Lite” applikasiýasy, esasan, internet tizligi pes we maglumat göwrümi çäkli telefon ulanýan millionlarça adama aýdym-sazyň lezzetini almaga mümkinçilik berýär” diýip, “Spotify-yň” Uly önüm menejeri Kalle Person kompaniýanyň metbugat beýanynda belläp geçýär.

“Spotify Lite” internet bukjasyny tygşytlamak isleýän ulanyjylar üçin hem ýeňillik döredýär.  Applikasiýanyň ulanjak maglumat möçberini diňleýjiniň özi kesgitläp bilýär.

2008-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri hereket edýän şwed aýdym-saz platformasy “Spotify-yň” 2019-njy ýylyň aprel aýyndaky maglumatyna görä, 217 million aýlyk işjeň ulanyjysy bar; olaryň 100 milliony tölegli ulanyjy.

2022