“Apple” kompaniýasy “MaсBook Air” noutbuklaryna täzelik getirdi. Bu noutbuklara ekranyň reňklerini daş-töweregiň ýagtylygyna görä sazlaýan “True Tone” tehnologiýasy ýerleşdirildi. Kompaniýanyň internet sahypasynda sişenbe güni ýerleşdirilen maglumata görä, “MaсBook Air” 1,099 ABŞ dollardan satyşa hödürlener.
“Apple” kompaniýasynyň önümlerinden ilkinji gezek 2016-njy ýylda “iPad Pro” planşetlerinde ulanylan “True Tone” tehnologiýasy 13 inçlik “MacBook Pro” noutbuklaryna hem ýerleşdiriler. Täze “MacBook Pro”-lara 8-nji nesil 4 ýadroly prossesor oturdylar. “Touch bar” we “Touch ID” aýratynlyklary bilen öndüriljek bu noutbuk 1,299 ABŞ-nyň dollary bilen satyşa hödürlener.
“Apple” kompaniýasynyň täze noutbuklary kollejleriň talyplaryna 100 dollar arzan satylar. Kompaniýanyň geçen ýaz möwsüminde geçiren barlaglaryna görä, ABŞ-nyň kollejlerinde okaýan we noutbuk ulanýan talyplaryň 60 göterimi “Mac”-i saýlaýar.
Täze dolandyryş ulgamy güýzde çykarylar
Maglumatyň dowamynda “Apple”-iň kompýuterleri üçin niýetlenen “macOS Catalina” atly täze dolandyryş ulgamynyň güýzde elýeter boljagy barada habar berilýär. Güýçlendirilen howpsuzlyk ulgamy bilen üpjün ediljek “macOS Catalina” tutuş kompýuteri ses arkaly dolandyrmaga mümkinçilik berer.