DIM-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary bilen duşuşyklar geçirildi

DIM-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatlary bilen duşuşyklar geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary bilen aýratynlykda duşuşyklar geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni ministrlikde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilçihanalarynyň ýolbaşçylary bilen aýratynlykda duşuşyklar geçirdi. Bu barada Daşary işler ministrliginiň (DIM) resmi saýtynda habar berilýär.

Täjigistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şarifzoda Farruh Homiddin bilen geçirilen duşuşykda taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistan daşary syýasat ugrunyň durmuşa geçirilmeginde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna gyşarnyksyz eýerýär diýip aýratyn nygtady.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Özbegistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Akmaljon Kuçkarow bilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagyna gönükdirilen geljekki ädimler kesgitlenildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk hem berkidilmeginde bilelikdäki söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini belläp geçdiler.  

Gazagystan Respublikasynyň Ilçisi Ž.Asanow bilen geçirilen duşuşykda taraplar şu ýylyň martynda geçirilen ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeliligini bellediler. Iki ýurduň arasynda haryt dolanşygynyň ösendigi, bu bolsa ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirýändigi nygtaldy.

Şeýle hem, penşenbe güni Gyrgyz Respublikasynyň ýurdumyzdaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili A.Isaýew bilen geçirilen duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly ykdysadyýet we söwda ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetine seredilip geçildi.