CNPC 2030-njy ýyla çenli 23 ammar gurar

CNPC 2030-njy ýyla çenli 23 ammar gurar
Häzirki wagt Hytaýdaky 26 ýerasty gaz saklaýyş ammarlarynyň 23-si CNPC tarapyndan dolandyrylýar.

Hytaý milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) 2030-njy ýyla çenli 23 täze gaz ammarlaryny gurmagy meýilleşdirýär. Korporasiýa, umumy bahasy 7,26 milliard dollarlyk täze taslamany durmuşa geçirmek arkaly Hytaýda ýeterlik gaz üpjünçiligini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada “China Daily” habar berýär. Habarda ammarlaryň 15 milliard kub metrden gowrak gazy özünde saklamaga ukyply boljakdygy aýdylýar.

Hytaý milli ösüş we reforma komissiýasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda 2018-nji ýylda jemi 280,3 milliard kub metr tebigy gaz ulanyldy. Bu mukdaryň 125.4 millird kub metri import edildi.

Häzirki wagt Hytaýdaky 26 ýerasty gaz saklaýyş ammarlarynyň 23-si CNPC tarapyndan dolandyrylýar. 2018-nji ýyldan başlap ýurtdaky 26 ammarda saklanýan umumy gazyň mukdary 8 milliard kub metre barabar boldy. Hytaýyň 2020-nji ýyla çenli ulanylýan energiýa çeşmeleriniň arasynda tebigy gazyň mukdaryny 10 göterime çenli ýetirmegi maksat edinýändigi bellenilýär.

Nebitgaz ulgamynda 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýan CNPC kompaniýasy Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi üçin esasy çig mal çeşmeleriniň biri bolan “Bagtyýarlygyň” çägindäki ýataklary gözlemek, gurnamak we işläp taýýarlamak işlerini amala aşyrýar. “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn gaz ýatagynyň çäginden Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly maý aýyndaky maglumata görä 82 milliard kub metrden gowrak “mawy ýangyç” iberildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022