Lebap welaýatynyň Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmetkeşleri geçen alty aýyň jemleri boýunça iş meýilnamasyny 68% artyk ýerine ýetirmegi başardylar. Bu ýerde göz öňünde tutulan 1382 tonna derek 2324 tonna çörek we çörek önümleri öndürilip, Kerki şäheriniň we obalaryň dükanlaryna ugradyldy. Başgaça aýdylanda, ilatyň saçagyna baran azyklyk önümiň mukdary meýilleşdirileninden 942 tonna artykdyr.
Şu ýyl Türkmenistanda, şol sanda Lebap welaýatynda hem bugdaýyň bol hasyly ýygnaldy. Ýurduň galla harmanyna ýokary hilli bugdaýyň tabşyrylmagyna kerkili daýhanlar hem özleriniň uly goşantlaryny goşdular. Netijede dükanlara we bazarlara türkmen topragynda öndürilen bugdaýdan taýýarlanylan önümler ugradylýar.
Kerkiniň çörek kärhanasynyň zähmetkeşleri hem çöregiň we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini ilatyň islegine görä taýýarlap, alyjylara hödürleýär. Olar önümiň haryt görnüşiniň köpdürli, hiliniň ýokary bolmagyny gazanýarlar. Çörek bişirijiler mundan beýläk hem işiň depginini gowşatmajakdygyny aýtdylar.