Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisinden 270 milliard kubmetr gaz akdyryldy

BT
Merkezi Aziýa-Hytaý gaz geçirijisinden 270 milliard kubmetr gaz akdyryldy
Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi Merkezi Aziýa üçin esasy gaz eksport ugry bolup durýar.

Merkezi Aziýa-Hytaý gazgeçirijisi arkaly häzirki wagta çenli 270 milliard kubmetr gaz akdyryldy. Bu barada “China Daily” neşiri Hytaý milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) maglumatyna salgylanyp habar berýär.

2009-njy ýylda açylan gazgeçiriji Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçip, Hytaýa barýar. Merkezi Aziýa-Hytaý gazgeçirijisiniň ýyllyk kuwwaty 55 milliard kubmetre barabar bolup, ol Hytaýyň bir ýylda ulanýan tebigy gazynyň 15 göterimine deňdir.

“Bloomberg Intelligence” seljerme kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý ýyllyk ulanýan tebigy gazynyň 75 göterimini import eder. Bu görkeziji 2017-nji ýylda 57 göterime deň boldy. Merkezi Aziýadan we Russiýa Federasiýasyndan gazgeçirijiler arkaly import edilýän gazyň 2020-nji ýyla çenli 85 milliard kubmetre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Türkmenistan-Hytaý gazgeçirijisi Merkezi Aziýa üçin esasy gaz eksport ugry bolup durýar. Üç bölümden (A, B we C) ybarat bolan bu gazgeçiriji türkmen-özbek serhedinden başlap, Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa barýar. Uzynlygy 9,000 kilometrden gowrak bolan bu gazgeçiriji dünýäniň iň uly gazgeçiriji taslamalarynyň biri bolup, ol Türkmenistany Hytaýyň 15 welaýaty bilen birikdirýär.

Bu gazgeçirijiniň Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň çäklerinden geçirilmegi meýilleşdirilýän dördünji D bölümi gurlandan soň, Türkmenistanyň Hytaýa eksport edýän gazynyň ýyllyk mukdarynyň 65 milliard kubmetre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Hazar sebitinde tebigy gaza baý ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan tassyklanan gaz gorlarynyň möçberine görä dünýäde dördünji orunda durýar.