“Bayer” ösümlik kesellerine garşy wiruslary döretmek üçin kompaniýa esaslandyrýar

“Bayer” ösümlik kesellerine garşy wiruslary döretmek üçin kompaniýa esaslandyrýar
Bakteriýalar oba hojalyk önümlerinde keselleriň birnäçesiniň döremegine getirip bilýär

“Bayer” kompaniýasy “Ecophage” ysraýyl biotehnologiýa kompaniýasynyň döredilmegine goldaw berýär. Bu kompaniýa “bakteriofaglar” diýlip atlandyrylýan bakteriýa-wiruslaryň üsti bilen ösümlikleriň keselleriniň öňüni aljak ekologiki taýdan howpsuz bejergi usullarynyň üstünde işlär. Bu barada Ýewropanyň biotehnologiýasy boýunça habar beriş serişdesi bolan “Labiotech.eu” öz saýtynda habar berýär.

Bakteriýalar oba hojalyk önümleriniň keselleriniň birnäçe görnüşleriniň döremegine, şol sanda fitoftoroza we kökleriň çüýremegine getirip bilýär. Bu keselleriň öňüni almak köplenç halatda kyndyr, sebäbi olar kömelek (gribok) infeksiýasy arkaly tiz ýaýraýarlar. Ekerançylaryň ösümliklere bejergi bermek üçin peýdalanýan dermanlary, meselem, mis esasly himiki serişdeler, daşky gurşaw üçin zyýanly bolup bilýärler. Bu ýagdaý ekologiýa howpsuzlygy üçin çözgütleri tapmaga uly zerurlyk döredýär.

Bu ugurda ýüze çykýan ýagdaýy aradan aýyrmak üçin, “Bayer” kompaniýasy “Trendlines” bilen “Ecophage” kompaniýasyny esaslandyrmak babatda birleşdiler. Biotehnologiýa kompaniýasy belli bir bakteriýalary öldürýän “bakteriofag” diýlip atlandyrylýan we wiruslaryň esasynda düzülen dermanlary öndürip çykarar. Olar ösümlikleri we beýleki peýdaly mikroorganizmleri daşky gurşawda abat saklamaga ýardam berer.

Ýöne bular ýaly fagly dermanlaryň diňe birnäçesi oba hojalykda ulanmak üçin makullandy. Olaryň biri hem Agrofag bolup, ol bakterial ýanyklara garşy bejergi bermek üçin ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak boýunça agentligi tarapyndan geçen ýyl tassyklandy.

Bakteriofaglary bazara has köp çykarmak boýunça birnäçe berk talaplar we howpsuzlyk meseleleri bar. Şolaryň arasyna bakteriýalaryň bakteriofaglara garşy öwrenişmek ähtimallygy baradaky aladalar hem girýär. Mundan başga-da, faglar bilen meýdanda bejergi işlerini geçirmek, laboratoriýa şertlerindäki barlaglaryň oňyn görkezijilerine garamazdan, ýeterlik derejede netije bermeýär.

Has netijeli bejergi üçin bakteriofaglaryň utgaşyklaryny synaýan “Ecophage” kompaniýasynyň alyp barjak işleri bu çylşyrymly pudakda peýdaly bolmagy mümkindir. Ösümlikleriň kesellerine garşy bejergileri hakynda öňünde goýan anyk maksatlaryny kompaniýa entek agzanok.

2022