Köneürgençde 12 müň tonna un öndürildi

Köneürgençde 12 müň tonna un öndürildi

Köneürgenç etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 1-nji we 2-nji görnüşli unuň 12 müň tonnadan gowragy öndürildi. Bu döwrüň dowamynda kärhanada dürli görnüşli çörek önümleriniň 600 tonna golaýy, süýji-köke önümleriniň hem 6 tonnasy öndürilip, degişli söwda nokatlaryna ýerleşdirildi.

Ýanwar aýynyň başyndan bäri kärhana boýunça 11 million manatlykdan gowrak önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ösüş depgini has hem artdy. 

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şu ýylyň galla oragy möwsüminde 157 müň gektar ýerden 300 müň tonnadan gowrak ýokary hilli azyklyk bugdaýy tabşyrdylar. 

2022